Saad al-Haririniň Liwaniň ministrler kabinetini gurmakdan çekilmegi
Liwan kabinetini döretmek boýunça premýer-ministr Saad al-Hariri düýn, 15-nji iýulda işinden çekildi.
4-nji awgustdaky Beýrut portunyň aýylganç partlamasynyň ilkinji ýyl dönümine bir aý galdy. Partlamadan soň Hasan Diab Liwanyň premýer-ministri işinden aýryldy onsoň hökümete garşy protestler başlandy, ýöne täze ministrlik döredilýänçä Hasan Diab premýer-ministriň işini dowam etdirmeli boldy
Ministrler kabinetini döretmek üçin bellenen Mustafa Adib, bir aýdan soň muny edip bilmejekdigini aýtdy we Saad al-Hariri 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Liwanyň prezidenti Mişel Aoun tarapyndan missiýani ýerine ýetirmeli boldy emma dokuz aýdan soň Al-Hariri missiýadan çekildi.
Al-Haririniň ministrlik gurup bilmedigniň esasy sebäbi Liwanyň prezidenti Mişel Aoun bilen düşünişmezliginden gelip çykýar. Mişel Aoun premýer-ministriň prezidentiň razyçylygy bilen ministrler kabinetini döretmelidigine ynanýar, ýöne al-Hariri prezidentiň pikiri bilen ylalaşmaýar we prezidentiň diňe kabinetiň tassyklamaly dabarasy hökmünde görýär. Bu bolsa taraplaryň arasynda jedele sebäp boldy.
Soňky günlerde al-Haririniň kabinetden çekilmek isleýändigi barada köp habar geldi. Şeýle-de bolsa, al-Hariri penşenbe güni Liwanyň prezidenti bilen duşuşyp, Mişel Auna 24 bilermenler kabinetini hödürländigini aýtdy, ýöne Aoun teklip edilýän sanawda üýtgeşmeler girizilmegini isledi, emma al-Hariri kabul etmedi.
Penşenbe güni Mişel Aoun bilen duşuşmazdan ozal hem işinden aýrylmaga we täze atlary prezidente bermäge taýyn ýalydy. Al Hariri öz beýanatynda ,Prezident bilen ylalaşyp bilmeris,diýdi. Şonuň üçin men hökümetden çekilýärin diýip sözlerine goşdy.
Bu sözlere jogap hökmünde Liwanyň prezidenti Mişel Aoun öz beýanynda al-Haririniň ministrler kabinetiniň sanawyna girizilen üýtgeşmelere garamaga taýyn däldigini, ministrler kabinetini emele getirýän resmi tarapyndan prezident bilen baglaşylan şertnamanyň ret edilmeginiň bardygyny aýtdy.
Şeýlelik bilen, al-Haririniň Ministrler kabinetinden çekilmegi meselesi garaşylmadyk bir ädim däldi, ýöne eýýäm garaşylýardy we al-Hariri prezidente täze atlary bermek bilen syýasy dartgynlygyň dowam etmegi üçin Mişel Auny jogapkärçilige çekmäge synanyşdy we prezident bilen ylalaşmazlyk bahanasy bilen işinden aýrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, al-Hariri häkimiýetden aýrylandan soň, Liwan ýene-de köpçülikleýin demonstrasiýalara şaýat boldy we ýüzlerçe Liwan raýaty ýurduň dürli künjeklerinde demonstrasiýa geçirdiler.Al-Hariri, öz syýasy bähbitlerini gözläp, Mişel Aunyň syýasy abraýyny pese gaçyrjak bolana meňzeýär