Kabul halky Owganystanyň Pakistandaky ilçisiniň gyzynyň alnyp gaçylandygyna gaharlandy
Owganystanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary Pakistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň öňünde Owganystanyň Yslamabatdaky ilçisiniň gyzynyň alnyp gaçylmagyna we gynalmagyna nägilelik bildirdi.
Owganystandaky Şafakna habar gullugynyň habaryna görä, demonstrantlar Pakistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, bu jenaýata baş goşanlaryň anyklamagyny we Pakistan hökümeti tarapyndan jogapkärçilige çekilmegini islediler.
Demonstrantlar adam ogurlamakda günäkärlenýänler tussag edilýänçä Pakistanyň ilçihanasynyň ýapylmalydygyny islediler.
mundan ozal Owganystanyň Daşary işler ministrligi Owganystanyň Pakistandaky ilçisiniň gyzynyň alnyp gaçylmagyna jogap edip: Yslamabat halkara kanunlar esasynda ilçihananyň, işgärleriň we maşgalalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmelidir diýip yglan edipdi.
Kabulyň we owgan halkynyň bu waka garşy giňden reaksiýasyndan soň, Pakistanyň premýer-ministri Imran Han içeri işler ministrine Owganystanyň ilçisiniň gyzyny ogurlanlary, gynanlary we günäkärleri gysga wagtda anyklamak we tussag etmek üçin 48 sagat möhlet kesgitledi.