Talyban Owganystandaky Zaranj şäherini basyp aldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i12832-talyban_owganystandaky_zaranj_şäherini_basyp_aldy
Talyban topary Owganystanyň Nimroz welaýatynyň merkezi Zaranj şäherini basyp aldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 06, 2021 19:15 Asia/Ashgabat
  • Talyban Owganystandaky Zaranj şäherini basyp aldy

Talyban topary Owganystanyň Nimroz welaýatynyň merkezi Zaranj şäherini basyp aldy.

IRNA habarlar gullugynyň Owganystanyň Pejwok habarlar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Talyban topary Nimroz welaýatynyň merkezine baryp, bu şäheriň türmesiniň derwezesini döwüp ähli tussaglary esasan hem öz tussaglaryny boşatdy.

Emma Owganystanyň demirgazygyndaky Şeberghan welaýatyndan Habar berişlerine görä, Talyban Sheberghan şäherine girip, käbir döwlet edaralaryny ele geçiripdir. Uruş bu şäherde-de dowam edýär we hökümet uçarlary bolsa Talybanyň pozisiýalaryny bombalady.