Aşraf Ganiniň dogany Talybana goşuldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13046-aşraf_ganiniň_dogany_talybana_goşuldy
Owganystanyň öňki prezidentiniň dogany Talyban toparynyň ýokary derejeli agzalary bilen duşuşany soň bu topara goşuldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 21, 2021 10:36 Asia/Ashgabat
  • Aşraf Ganiniň dogany Talybana goşuldy

Owganystanyň öňki prezidentiniň dogany Talyban toparynyň ýokary derejeli agzalary bilen duşuşany soň bu topara goşuldy.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Owganystanyň öňki prezidenti Aşraf Ganiniň dogany Heşmat Gani, "Talyban" guramasynyň ýokary derejeli agzasy Halil al-Rahman Hakkani bilen duşuşygynda bu topara goşuldy.

Duşuşykda Gani "Talybana" goldaw berýändigini aýtdy.

Hakkani ozal ozalky prezident Hamid Karzaý, ýokary Ylalaşyk Geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah we Owganystan Yslam Partiýasynyň lideri Gulbuddin Hekmatýar ýaly birnäçe owgan syýasy işgäri bilen hem duşuşypdy.