Birleşen Milletler Guramasy: Talyban tarapyndan Owganystanda adam hukuklary çynlakaý bozulýar
Aug 24, 2021 13:09 Asia/Ashgabat
Birleşen Milletler Guramasy, Talyban işe başlaly bäri Owganystanda adam hukuklarynyň çynlakaý bozulýandygyny habar berdi.
Düýbi Wenada ýerleşýän radio we telewideniýe gullugynyň habaryna görä; BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň şu gün Ženewada geçirilen ýörite ýygnagynda, Käbir sebitlerde aýal-gyzlar çäklendirilýär, gyzlara mekdebe gitmäge rugsat berilmeýär, parahat ilaty we harbylary köpçülikleýin jezalandyrmak, parahatçylykly demonstrasiýalary basyp ýatyrmak we kämillik ýaşyna ýetmedikler ýaragly gulluk üçin ulanylýar diýip yglan boldy.
Hanym Mişel Baçelet Talybany halkyň, şol sanda aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.
"Talyban" bu hasabat barada entek düşündiriş bermedi.