Orsýetiň Günbataryň Owganystandaky ýagdaýa bolan garaýşyny tankytlady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13140-orsýetiň_günbataryň_owganystandaky_ýagdaýa_bolan_garaýşyny_tankytlady
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Günbataryň Owganystandaky wakalara bolan garaýşyny tankytlady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 29, 2021 10:27 Asia/Ashgabat
  • Orsýetiň Günbataryň Owganystandaky ýagdaýa bolan garaýşyny tankytlady

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Günbataryň Owganystandaky wakalara bolan garaýşyny tankytlady.

“Nowosti” habar gullugynyň habaryna görä Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa: Günbatar ýurtlary Liwiýada we Siriýada soňky 20 ýylyň tejribesini öwrenmedi we Owganystandaky häzirki ýagdaý bilen baglanyşykly meselede akla laýyk gelmeýän we howlukmaç pozisiýa eýeledi diýip nygtady.

Zaharowa rus tarapynyň Ýewropaly hyzmatdaşlaryna dürli däp-dessurlary we medeniýetleri bolan Gündogar ýurtlaryna "günbatar gymmatlyklaryny" girizmezlik barada birnäçe gezek duýduryş berendigini aýdyp durmuşda olaryň netijeleriniň häzirki ýagdaýdan has geňdigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary mundan ozal DAEŞ toparynyň Kabul howa menziline eden terrorçylykly hüjümini hem berk ýazgardy.