BMG-nyň Baş sekretarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň döwleti bilen hyzmatdaşlyga taýýarlygy
BMG-nyň Baş sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine iberen ýüzlenmesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Eýran Yslam Respublikasynyň döwleti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ybraýym Raisie iberen ýüzlenmesinde ony prezidentliginiň başlanmagy bilen gutlamak bilen Birleşen Milletler Guramasy we Baş sekretary, Eýranyň täze döwleti bilen bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny gazanmak üçin işlemek isleýär diýdi.
Antonio Guterresiň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine iberen hatynyň tekstinde, Seýed Ybraýym Raisiiň işiniň Eýran, sebit we dünýä üçin möhüm döwre gabat gelýän mahallary, şeýle hem köp sanly umumy kynçylyklar şol sanda kowid-19 epidemiýasy, Howanyň üýtgemegi, şeýle hem Günbatar Aziýada uzak we weýrançylykly konfliktler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda başlanandygy aýdylýar.
Guterresiň sargydynda şeýle-de Eýranyň möhüm adam we tebigy baýlyklary, öz raýatlary we dünýäniň beýleki raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin maýa goýum we baýlykdyr diýdi.