Hebatullah Ahundzadeh Owganystanyň döwlet başlygy wezipesine saýlandy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13214-hebatullah_ahundzadeh_owganystanyň_döwlet_başlygy_wezipesine_saýlandy
Owgan döwletiniň başlygy wezipesine Hebatullah Ahundzadeh saýlandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 02, 2021 10:18 Asia/Ashgabat
  • Hebatullah Ahundzadeh Owganystanyň döwlet başlygy wezipesine saýlandy

Owgan döwletiniň başlygy wezipesine Hebatullah Ahundzadeh saýlandy.

AWA habar gullugynyň habaryna görä, Talybanyň ýokary derejeli agzasy Bilal Karimi Hebatullah Ahundzadehiň owgan döwletiniň prezidentligini öz üstüne alandygyny aýtdy.

Ol şeýle hem, Talybanyň syýasy wekiliniň orunbasary Molla Abdulgani Baradaryň döwletiň metbugat sekretary wezipesine girişmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Talyban toparynyň ýokary derejeli agzasy, Talyban liderleri, öňki hökümet işgärleri we beýleki täsirli şahsyýetler ýaly bileleşen owgan hökümetini döretmek boýunça geňeşmeleriň tamamlanandygyny we ministrler kabinetiniň zerur gepleşikleriniň geçirilendigini aýtdy.

Beýleki tarapdan, Katardaky Talybanyň ýene bir ýokary derejeli agzasy Abbas Stanekzai Ondan öň BBC bilen geçiren söhbetdeşliginde täze owgan döwletiniň ýakyn wagtda yglan ediljekdigini aýtdy.

Stanekzai şeýle-de aýallaryň hem Owganystanda rol oýnajakdygyny, ýöne ministr derejesinde däldigini aýtdy.