Owganystanda Taliban topary bilen Yslam partiýasynyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy
Jan 13, 2018 18:07 Asia/Ashgabat
habar çeşmeleri Owganystanyň yslam partiýasy bilen Taliban toparynyň agzalarynyň arasynda çaknyşyklaryň ýüze çykanlygyny habar berdiler.
Awa habarlar gullugynyň beren habaryna görä Owganystanyň Gur welaýatynyň geňeşiniň orunbasary Abdulrahman Atşan yslam partiýasy bilen Taliban toparynyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda yslam partiýasynyň serkerdelerinden bolan jahanşir ýaralandy we onuň iki ogly hem öldi diýip yglan etdi.
Owganystanyň yslam partiýasynyň başlygy Golbeddin Hekmatýar birnäçe wagta mundan ozal bir beýannama boýunça öz howandarlaryndan DAEŞ bilen Talibanyň arasynda çaknyşyk ýüze çykan ýagdaýynda DAEŞ-iň agzalaryna goldaw bermeklerini isläpdi.