Ýewropa ýurtlarynyň beýanyna Türkiýäniň nägileligi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13514-Ýewropa_ýurtlarynyň_beýanyna_türkiýäniň_nägileligi
Türkiýe tarapyndan Gresiýa we Ortaýer deňziniň gündogaryndaky Kipr adasy bilen dartgynlyk güýçlenýär, Günbatar hökümetleri, esasanam Ýewropa Bileleşigi, Gresiýa we Kipr adasyna goldaw bermek arkaly dartgynlygy güýçlendirýärler.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 20, 2021 09:58 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa ýurtlarynyň beýanyna Türkiýäniň nägileligi

Türkiýe tarapyndan Gresiýa we Ortaýer deňziniň gündogaryndaky Kipr adasy bilen dartgynlyk güýçlenýär, Günbatar hökümetleri, esasanam Ýewropa Bileleşigi, Gresiýa we Kipr adasyna goldaw bermek arkaly dartgynlygy güýçlendirýärler.


On ýyl mundan ozal günbatar hünärmenleriniň köpüsi Ortaýer deňzinde nebit we gaz baýlyklaryny gözlemek we çykarmak Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky dartgynlygy azaldar diýip pikir edipdi. Emma Ortaýer deňziniň gündogarynda energiýa çeşmeleriniň tapylmagy we ulanylmagy söweşýän taraplaryň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirdi.
Bu amaldan soň ÝB-ne agza 9 ýurduň ýolbaşçylary Afinada geçirilen bilelikdäki ýygnagyň ahyrynda duýduryş berip, türk hökümetini Gündogar Ortaýer deňzinde halkara hukugyna hormat goýmaga çagyrdylar.
Horwatiýa, Kipr, Fransiýa, Gresiýa, Italiýa, Portugaliýa, Malta, Sloweniýa we Ispaniýanyň premýer-ministrleri we prezidentleri tarapyndan gol çekilen beýanatda Türkiýe hökümetini Gresiýa we Kipriň günortasyna garşy agressiw çemeleşmekden saklanmaga çagyryldy.
Şeýle hem Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Ýewropa ýurtlarynyň dokuzynyň Ankara hökümetine garşy eden beýanyna reaksiýa bildirdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Gündogar Ortaýer deňzinde görülýän çäreleriň halkara düzgünlerine laýyk gelýändigini we Kipr adasynyň türk böleginiň we Türkiýe halkyň bähbitlerini we jemgyýetçilik hukuklaryny goramaga gönükdirilendigini öňe sürdi. Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň beýanynda Ankara hökümetine Gündogar Ortaýer deňzi, Kipr we bikanun immigrasiýa baradaky aýyplamalary ýalan hasaplady we Türkiýä bolan garaýşyny bir taraply we real däl diýip häsiýetlendirdi we beýannamany ýazan  we gol çekenleri  Gresiýaň we Kipriň günortasyndan tarapdarlyk etmekden gaça durmaklaryny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tanžo Bilgiç, Ýewropa ýurtlarynyň dokuzynyň Ortaýer deňziniň günorta kenaryndaky bilelikdäki beýanyny berk tankytlady we bu beýannamanyň fanatik taýdan taýýarlanandygyny  we hakykatdan daşdadygyny nygtady.
Gündogar Ortaýer deňzinde Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky bu dartgynlyk ilkinji gezek ýokarlanmagy däldir. Iki tarap Ortaýer deňzinde energiýa çeşmelerini gözlemekde we peýdalanmakda birnäçe gezek kynçylyklara sezewar boldylar.
Ondan öň Türkiýe Ortaýer deňziniň käbir ýerlerinde energiýa çeşmelerini kesgitlemek üçin gözleg gämisini ibermek bilen kynçylyk döredipdi. Müsür, Kipr we Gresiýanyň hökümetleri bilelikdäki beýannama berip, Türkiýäni Ortaýer deňziniň gündogaryndaky prowokatiw hereketlerini bes etmäge çagyrdylar.
Şeýle-de bolsa, tapawutlar dowam edýärkä, uruşýan taraplaryň beýanatlarynyň henizem iki tarapyň stolunda durýandygyny aýtmak gerek. Aslynda, Ankara hökümetiniň Ortaýer deňziniň gündogaryndaky energiýa çeşmelerini tapmak baradaky ädiminden soň soňky ýyllarda Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky tapawutlar has düşnüksizleşdi we weýran ediji bolup galýar.
Bu aralykda, Ýewropa Bileleşigi Gresiýany we Kipri ​​goldamakda, Türkiýä ykdysady we ýarag sanksiýalary bilen haýbat atdy.
Şol bir wagtyň özünde, türk syýasy toparlarynda soňky döwürde alada döreden mesele Ýewropa ýurtlarynyň we Sionist režimiň Türkiýä garşy birleşmegidir.
Umuman aýdylanda, Ortaýer deňziniň gündogar we günbatar basseýnlere bölünendigini aýtmak gerek. Emma Gündogar Ortaýer deňzi, strategiki ýerleşişi we möhüm geografiki ýerleşişi sebäpli aýratyn sebite öwrüldi.
Ortaýer deňziniň üç yklymyň ýakynlygy we Türkiýe, Gresiýa, Siriýa, Liwan, basyp alan Palestina we Müsür bilen deňiz kenarlary we umumy deňiz serhetleri bolmagy bu sebitiň dünýäniň iň möhüm geografiki ýerleriniň birine öwrülmeginiň güýçli sebäpleridir.