Nazarbaýew Merkezi Aziýada täze howpsuzlyk mehanizmleriň döredilmegini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13706-nazarbaýew_merkezi_aziýada_täze_howpsuzlyk_mehanizmleriň_döredilmegini_nygtady
Gazagystanyň öňki prezidenti Owganystandaky ýagdaýy göz öňünde tutup Merkezi Aziýa sebitinde täze howpsuzlyk mehanizmlerini döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 30, 2021 18:45 Asia/Ashgabat
  • Nazarbaýew Merkezi Aziýada täze howpsuzlyk mehanizmleriň döredilmegini nygtady

Gazagystanyň öňki prezidenti Owganystandaky ýagdaýy göz öňünde tutup Merkezi Aziýa sebitinde täze howpsuzlyk mehanizmlerini döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Ýewraziýadaky düýpli üýtgeşmeleriň katalizatoryna öwrülendigini we häzirki we uzak möhletleýin howplar we haýbatlar toplumyny döredendigini aýtdy.

Nazarbaýew ekstremizmiň we terrorçylygyň ýüze çykmagyna garşy durmaga doly taýýarlygyň zerurdygyny aýtmak bilen bar bolan mehanizmleri giňeltmegiň  we sebit howpsuzlygy üçin täze mehanizmleriň döredilmelidiginiň gereklidigini aýtdy.

Gazagystanyň öňki prezidenti sebitdäki täze howpsuzlyk meseleleriniň Gazagystanyň raýatlarynyň howpsuzlygy üçin goranyş mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin has köp çäreleri talap edýändigini aýtdy.