Amerikanyň ,Talyban hökümetini kabul etjekdigi barada Imran Hanyň aýdanlary
Päkistanyň premýer-ministri Ak tamyň şübheleri we umitsizlikleri sebäpli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandaky Talyban dolandyryşyny iru-giç kabul etjekdigini habar berdi.
Pakistanyň premýer-ministri Imran Han TRT World TV telekanalynda eden çykyşynda ,Owganystanda Talyban hökümetiniň resmiýete tanalmagy barada soralanda, diňe Yslamabadyň Owganystandaky Talyban hökümetini resmiýete tanamagynyň ýeterliklidäldigini we Owganystanyň meselesine üns bermeseň bu ýurtda gumanitar betbagtçylyk döräp biler diýdi.
Pakistanyň premýer-ministri Owganystandaky Talyban hökümetini ykrar etmekde ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Hytaýyň we Russiýanyň rolunyň ähmiýetine ünsi çekip, geljekde oňyn netijeleriniň görülmegi üçin Owganystan barada umumy strategiýanyň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Imran Hanyň ,Owganystandaky Talyban hökümetini ykrar etmegine ABŞ-nyň mejbur digi baradaky aýdanlary, Muhammet Aşraf Ganiniň hökümetiniň agdarylmagy bilen talybanyň häkemiýte gelmeginden soňra ,Pakistanyň bu topary goramak syýasatynyň dowamydyr.
"Talyban" Kabuly alyp ,Owganystanda häkimiýete geçenden soň, beýleki ýurtlar we sebit we halkara guramalar tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmezlige duş boldy.
Talyban hökümetiniň Owganystanda resmi taýdan kabul edilmegi toparyň işgärleri üçin şeýle möhümdir we şol sebäpli hem, bu ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň howp astyna düşmeginden ÝB-nyň alada bildirmegi bilen, Talybanyň resmileri,bilim, okuw we iş üpjünçiligi ýaly aýal-gyzlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini Bileleşigiň,Talyban hökümetini ykrar etmegine şertlendirdiler.
"Talybanyň resmileri, egerde olaryň hükümeti resmiýete tanalmasa, ýurda berilýän halkara kömekleriň kesiljekdigini gowy bilýärler.bu kömekler, Býudjetiň esasy bölegini düzýär ,eger bu kömekler Talybana ýetmese olar,Owganystany dolandyrmakda köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Şeýle ýagdaýlarda Owganystandaky "Talyban" hökümeti ýurdy dolandyrmak üçin zerur serişdelerini üpjün edip bilmese, owgan jemgyýetiniň bulam-bujarlyga sezewar bolup biljekdigi we hatda raýat urşunyň hem ýüze çykjakdygy çak edilýär.
Pakistanyň premýer-ministriniň Talybany ykrar etmekde we resmiýete tanamakda Amerikanyň mejburdigi baradaky aýdan sözlerine garamazdan, Ak tamyň metbugat sekretary Talybanyň resmiýete tanalmagyny bu toparyň özüni alyp barşyna şertli edendir.