Kunduzda owgan ybadatçylarynyň arasynda güýçli partlama
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13808-kunduzda_owgan_ybadatçylarynyň_arasynda_güýçli_partlama
Owganystanyň Kunduz welaýatynda bir metjitde bolup geçen weýrançylykly partlamada 140 ybadatçy öldi ýa-da ýaralandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 08, 2021 15:21 Asia/Ashgabat
  • Kunduzda owgan ybadatçylarynyň arasynda güýçli partlama

Owganystanyň Kunduz welaýatynda bir metjitde bolup geçen weýrançylykly partlamada 140 ybadatçy öldi ýa-da ýaralandy.

AVA habar gullugynyň habaryna görä, partlama Kunduz şäheriniň Bandar Hanabad şäherindäki Seýedabadyň şaýy metjidinde şu gün, anna güni öýlän ýüze çykdy we 50 ybadatçy ölüp, 90 adam ýaralandy.

Bu terrorçylykly partlamada ýaralananlaryň sanynyň köp bolmagy sebäpli pidalaryň sany köpelip biler.

Partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir adam ýa-da topar öz üstüne almasa-da, hüjümleriň, nyşana alnan kast edişleriň we Owganystanyň Kabul, Jelalabad, Herat we Mazar-e-Şerif ýaly dürli şäherlerinde bolup geçen bomba partlamalarynyň köpüsini DAEŞ terror topary öz üstüne alandyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystanyň Kunduz şäherindäki metjide edilen terrorçylykly hüjümi ýazgardy we bu pajygaly wakanyň pidalarynyň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" şu gün (anna) Owganystanyň Kunduz şäherindäki metjitde bolup geçen terrorçylygy we ölüm howply hereketini ýazgardy we we bu pajygaly wakanyň pidalarynyň maşgalalaryna gynanç bildirip Hudaýdan ýaralananlaryň sagalmagyny isledi.