Baýden: Eýran bilen iş salyşmagyň iň gowy usuly diplomatiýadyr
(last modified Mon, 01 Nov 2021 05:52:03 GMT )
Nov 01, 2021 10:52 Asia/Ashgabat
  • Baýden: Eýran bilen iş salyşmagyň iň gowy usuly diplomatiýadyr

Üç Ýewropa ýurdunyň liderleri bilen duşuşygy barada ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden diplomatiýanyň Eýran bilen iş salyşmagyň iň gowy usulydygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti Tähran wagty bilen ýekşenbe güni agşam ýadro gepleşikleriniň gaýtadan dikeldilmegi baradaky G20 sammitiniň çäginde eden çykyşynda, Ol we Angliýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri şenbe güni Eýranyň ýadro ösüşi barada geçirilen ýygnakdan soň "diplomatiýa" Eýran bilen iş salyşmagyň iň gowy usulydygy barada ylalaşdylar diýip nygtady.

Jo Baýden şeýle-de "Öňki prezident Donald Trumpyň ýadro şertnamasyndan çykmagy baradaky erbet kararyndan ejir çekýändigini aýtdy.

Trumpyň iň ýokary basyşy ýeňilenden soň, Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň täze administrasiýasy Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen gepleşikler arkaly öz ýurdunyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegine ýol açjakdygyny aýtdy.

Şu wagta çenli Wenada ABŞ bilen Eýrandan başga beýleki taraplaryň arasynda Amerikanyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegini ýeňilleşdirmek üçin alty tapgyr gepleşik geçirildi. Taraplar gepleşiklerde görnetin öňegidişligiň bardygyny aýtsalarda, ýöne käbir agzalalyklar henizem bardyr.

Gepleşiklerdäki jedelleriň biri ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndan çekilenden soň Donald Trump administrasiýasy tarapyndan Eýrana garşy girizilen käbir sanksiýalary saklamagy talap etmegidir.

Mundan başga-da, Baýden administrasiýasy ABŞ-nyň indiki administrasiýalarynyň ýadro şertnamasyndan çekilmejekdigini kepillendirip bilmejekdigini mälim etdi.

Tags