2030-njy ýyla çenli tokaý ýitgilerini duruzmak barada
Liderler 2030-njy ýyla çenli tokaý ýitgilerini duruzmak baradaky ygrarlylyklaryny beýan etdiler
BMG-nyň Klimat Çalşygynyň Çarçuwa ylalaşygynyň 26-njy Taraplar maslahatynda, 100-den gowrak lider 2030-njy ýyla çenli tokaý ýitgilerini duruzmak baradaky ygrarlylyklaryny beýan etdiler
Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde "Tokaýlar we meýdanlary ulanmak bilen bagly Liderler jarnamasyna" gol goýan liderler, mundan başgada şol maksada laýyklykda 12 milliard dollar döwletler tarapyndan we 7,2 milliard dollar hususy pudaklar tarapyndan maliýe çeşmeleriniň bölünip aýryljakdygy barada söz berdiler.
Jarnamada, tokaýlary we beýeki guryýer ekoulgamlary goramak we abatlaýyş işlerini çaltlandyrmak, dowamly galkynyş göçümlerini höweslendirmek we milli söwda syýasatlaryny durmuşa geçirmek, obalyk ýerlerindäki eklenç çeşmelerini özgertmek we berkitmek, oba hojalyk we azyk howpsuzlygyny höweslendirjek syýasatlaryň amala aşyrylmagy, ýerli jemgyýetler üçin goldawlaryň berilmegi we maliýe çeşmeleriň halkara maksatlara laýyk ýagdaýda ýerine ýetirilmeginiň ýeňilleşdirilmegi üçin borçnamalar kabul edildi.
Ýabany Tebigaty goramak gaznasynyň tokaý gollanmalary lideri Frans Praýs, jarnama bilen bagly beren beýanatynda, tokaý ýitgileriniň duruzulmagy bilen bagly jogapkärçilikleriň gyssagly ýagdaýda durmuşa geçirilmeginiň gerekdigini belläp: "Tokaýlar adam, ykdysadyýet we sosial abadançylyk üçin tankydy ähmiýete eýe ekoulgam hyzmatlary bilen üpjün edýär, emma tokaýlardaky uly derejeli ýitgiler dowam edýär" diýip habar berdi.