Blinkeniň müsürli kärdeşi bilen duşuşygynda Eýrana garşy aýyplamasy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken duşenbe güni agşam Müsüriň Daşary işler ministri Sameh Şukri bilen duşuşyp, Eýranyň hereketleri barada esassyz aýyplamalary aýdyp Eýranyň hereketlerinden alada bildirdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Blinken" bu duşuşykda ABŞ-nyň Günbatar Aziýadaky agressiýasy we uruş isleýji hereketleri barada hiç zada yşarat etmezden, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Müsür, Eýranyň sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy täsirine "çynlakaý alada bildirýärler" diýip toslady.
Sameh Şukri, Müsüriň beýleki ýokary derejeli resmileri bilen bilelikde häzirki wagtda Amerikaly resmiler bilen duşuşmak üçin Waşingtondadyr.
ABŞ-Müsür strategiki gepleşikleri ABŞ-da 8-nji we 9-njy noýabrda geçirilýär.