Ankara döwleti Türkiýäniň serhetlerindäki howplar hakynda duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i1451-ankara_döwleti_türkiýäniň_serhetlerindäki_howplar_hakynda_duýduryş_berdi
Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym bu ýurdyň goşun güýçleriniň serhetlerdäki her hilli wehime berk gaýtawul berjekdiklerini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 19, 2018 18:39 Asia/Ashgabat
  • Ankara döwleti Türkiýäniň serhetlerindäki howplar hakynda duýduryş berdi

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym bu ýurdyň goşun güýçleriniň serhetlerdäki her hilli wehime berk gaýtawul berjekdiklerini yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym Ankarada beren gürrüňlerinde öz serhetlerini we milli bähbitlerini goramak Türkiýäniň tebigy,kanuny we halkara derejesinde ykrar edilýän hakydyr diýip nygtady.

Binali Ýyldyrym sözüniň dowamynda daşarydan Türkiýä garşy amala aşyrylýan her hili hüjüme gaýtawul beriljekdir diýip belläp geçdi.

ol şeýle-de Siriýanyň demirgazygynda amala aşyrylýan Forat Galkany atly operasiýadan maksat Türkiýäni goramak ugurdadyr diýip nygtap geçdi.

Türkiýe 2016-nji ýylyň 24-nji Awgustynda Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde Forat Galkany atly operasiýasyny başlap bu sebitlerde 5 müň inedördül km giňligi bolýan howpsyz sebiti döretjekdigini yglan etdi.