Grossi: Eýran bilen ylalaşyk henizem mümkin
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14610-grossi_eýran_bilen_ylalaşyk_henizem_mümkin
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Günbatar taraplarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşygy baradaky ygrarsyzlyklaryna yşarat etmezden "Syýasy isleg bar bolsa Eýran bilen hemişe ylalaşyk gazanyp bolar" -diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 02, 2021 09:53 Asia/Ashgabat
  • Grossi: Eýran bilen ylalaşyk henizem mümkin

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Günbatar taraplarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşygy baradaky ygrarsyzlyklaryna yşarat etmezden "Syýasy isleg bar bolsa Eýran bilen hemişe ylalaşyk gazanyp bolar" -diýdi.

Fransiýa 24 habar kanalyna beren interwýusynda Rafael Grossi gepleşikleriň ýedinji tapgyrynyň noldan başlamandygyny, ýöne öňki alty tapgyr gepleşikleriň esasynda dowam edýändigini aýdyp Eýran bilen ylalaşyk henizem mümkin, ýöne wagt az diýdi.