Grossi: Eýran bilen ylalaşyk henizem mümkin
Dec 02, 2021 09:53 Asia/Ashgabat
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Günbatar taraplarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşygy baradaky ygrarsyzlyklaryna yşarat etmezden "Syýasy isleg bar bolsa Eýran bilen hemişe ylalaşyk gazanyp bolar" -diýdi.
Fransiýa 24 habar kanalyna beren interwýusynda Rafael Grossi gepleşikleriň ýedinji tapgyrynyň noldan başlamandygyny, ýöne öňki alty tapgyr gepleşikleriň esasynda dowam edýändigini aýdyp Eýran bilen ylalaşyk henizem mümkin, ýöne wagt az diýdi.