Guterreş dünýädäki garyplygyň we açlygyň artmagy barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14738-guterreş_dünýädäki_garyplygyň_we_açlygyň_artmagy_barada_duýduryş_berdi
Bütindünýä adam hukuklary gününde BMG-nyň Baş sekretary geçen onýyllyklarda ilkinji gezek garyplygyň we açlygyň artýandygyny duýdurdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 12, 2021 06:12 Asia/Ashgabat
  • Guterreş dünýädäki garyplygyň we açlygyň artmagy barada duýduryş berdi

Bütindünýä adam hukuklary gününde BMG-nyň Baş sekretary geçen onýyllyklarda ilkinji gezek garyplygyň we açlygyň artýandygyny duýdurdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Antonio Guterreş anna güni “kowid-19” epidemiýasynyň, suw we howanyň krizisiniň we sanly tehnologiýanyň ýaýramagynyň ýaşaýyşyň ähli ugurlarynda adam hukuklaryna täze howplary  döredendigini aýtdy.

Guterreş şeýle-de garyplyk we açlyk soňky onýyllyklarda ilkinji gezek ýokarlandy we millionlarça çaga bilim almak hukugyny ýitirdi diýdi.

Guterreş sözüni dowam etdirip, Birleşen Milletler Guramasynyň hemişe adalat, deňlik, mertebe we adam hukuklary ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.