Harris: demokratiýanyň gowşak ýagdaýy Amerikanyň iň uly howpy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14956-harris_demokratiýanyň_gowşak_ýagdaýy_amerikanyň_iň_uly_howpy
Amerikanyň prezidentiniň birinji orunbasary demokratiýanyň gowşak ýagdaýyny Amerikanyň howpsuzlygyna uly howp diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:15:21+00:00 )
Dec 27, 2021 12:15 Asia/Ashgabat
  • Harris: demokratiýanyň gowşak ýagdaýy Amerikanyň iň uly howpy

Amerikanyň prezidentiniň birinji orunbasary demokratiýanyň gowşak ýagdaýyny Amerikanyň howpsuzlygyna uly howp diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris ýakynda CBS bilen geçirilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna abanýan iň uly howp baradaky soragyň jogabynda: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda demokratiýanyň gowşak ýagdaýy bu ýurduň howpsuzlygyna howp salýar diýdi.

Harris şeýle-de içerki we daşary syýasata gönükdirilen we ileri tutulýan meseleler bardyr diýmek bilen bize garşy abanýan howplary dürli tarapdan görkezýän täze döwre gadam basýarys diýdi.

Bu bir ýagdaýdadyr welin birnäçe sagat ozal Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Amerikada haýsy demokratiýanyň bardygyny bilýäris; Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gollandiýa bilen deňeşdirilende diktator ýurtdyr diýip nygtady.