Dec 27, 2021 23:17 Asia/Ashgabat
  • Taliban özüniň 1895 agzasyny wezipelerinden çetleşdirdi

Owganystanda Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, 1895 agzasyny wezipelerinden çetleşdirdi


Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat geňeşçisi Inamullah Samangani, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Talibanyň adyny we wezipelerinden hyýahatçylykly peýdalanan Taliban agzalarynyň wezipelerinden çetleşdirmek tapgyrynyň dowam edýändigini habar berdi. 
Häzirki wagta çenli 1895 Taliban agzasynyň wezipelerinden çetleşdirilendigini aýdan Samangani, wezipelerinden çetleşdirilen adamlaryň arasynda welaýatlardaky käbir Taliban resmileriniň hem bardygyny mälim etdi. 
Wezipelerinden çetleşdirilen Talibanyň agzalarynyň käbirleriniň göz tussaglygyna alynandygyny aýdan Samangani, käbirleriniň soraga çekilmek tapgyrynyň dowam edýändigini aýan etdi. 
Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet 7-nji sentýabrda Owganystanda wagtlaýyn hökümet guranyndan soň, öz hataryny arassalamak bilen bagly komissiýanyň döredilendigini aýdypdy we toparyň işe girişendigini beýan edipdi. 
Talibanyň lideri Molla Hibetullah Ahundzade, 4-nji oktýabrda beren beýanatynda, toparyň içine girmek howpyna garşy Talibanyň serkerdelerine duýduryş beripdi. 
Özüni Owganystanyň Yslam Emirligi diýip atlandyrýan Talyban  , Yslamçy dini hereket we Owganystandaky sünni yslamçy ruhanylardan düzülen harby guramadyr. Birnäçe hökümet we guramalar muny terrorçylyk hereketi hasapladylar. 2021-nji ýyla çenli "Talyban" hereketiniň 75,000 söweşijisi bar diýlip çaklanylýar. "Talyban" maksadynyň, Owganystandaky parahatçylygy we howpsuzlygy dikeltmek, şol sanda günbatar goşunlaryny çykarmakdygyny aýtdy.

Tags