Ýadro urşundan gaça durmak üçin bäş ýadro güýjüniň ähmiýeti
Bäş ýadro güýjüniň liderleri ýadro urşunyň öňüni almak we ýarag ýaryşyndan gaça durmak barada bilelikdäki beýannama berdiler.
Hytaý, Fransiýa, Russiýa, Angliýa we ABŞ, şeýle hem Demirgazyk Irlandiýa özleriniň iň möhüm jogapkärçiliginiň ýadro ýaragly ýurtlaryň arasyndaky urşuň öňüni almak we strategiki töwekgelçilikleri azaltmakdygyny mälim edip"Ýadro uruşda ýeňişe ýetip bolmajakdygyny bilýäris we hiç haçan ýadro söweşe girmelidäl diýdiler.
Beýanatda "ýadro ýaraglarynyň ulanylmagynyň gaty uly täsiri barlygy sebäpli, ýadro ýaraglarynyň häzirki wagta çenli goranyş, agressiýa garşy göreş we söweşiň öňüni almak maksatlaryna hyzmat etmelidigini tassyklaýarys" -diýilýär. Şeýle hem bu hili ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüni almalydygyna berk ynanýarys. Mundan başga-da, NPT boýunça borçnamalarymyzy ýerine ýetirýäris dilip getitildi.
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bäş ýurduň dünýäde ýarag ýaryşynyň we ýadro urşunyň öňüni almak baradaky bilelikdäki beýanyny gutlady.Guterreşiň metbugat sekretary Stefan Dujarrik,BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş ýadro ýaragynyň ýaýramazlygy baradaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalary öwýär we bu ýaraglary ýok etmek ,ýadro howpunyň öňüni almagynyň ýeke täk ýolydyr diýdi.
Dünýädäki bäş ýadro döwletiniň ýolbaşçylarynyň ýadro urşundan we ýadro ýaraglaryndan gaça durmak zerurlygy baradaky beýany, bu ugurda oňyn ädim bolsada, daşarky hakykatlara garşy gelýär. ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyna (NPT) garamazdan, adamzat jemgyýetine we daşky gurşawa dolanyp bolmajak täsirleri döredýän şeýle weýran ediji ýaraglary azaltmagy we ahyrky netijede ýok etmegi maksat edinýän ýadro güýçleri ýadro ýaraglaryň howplaryba garamazdan biperwaý köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ösdürmegi dowam etdirýärler.Şol bir wagtyň özünde, bu güýçleriň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagy, ýadro ýaragyny olaryň arasyndaky ähtimal çaknyşyklarda ulanmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar. NPT durmuşa geçirileli bäri ýadro ýaragsyzlanmak meselesi we bu öldüriji ýaraglary ýok etmek tagallalary Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibindedir. Aslynda, NPT-ni durmuşa geçirmegiň kynçylyklarynyň biri, ýadro ýaragly döwletleriň NPT-iň esasy mazmuny we ruhy bilen laýyk gelmezligidir.