Protestçiler bilen Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk
Ýüzlerçe demonstrant we Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň iň uly şäheri Almatynyň asly meýdanynda çaknyşdylar.
Penşenbe güni Gazagystanyň hökümet telewideniýesiniň habaryna görä, Gazagystanda geçirilen demonstrasiýalaryň näçilenji gününde ýüzlerçe demonstrant we polisiýa güýçleri Gazagystanyň Almaty şäheriniň esasy meýdanyna ýaragyň sesi hemme tarapdan eşidilýän mahaly çaknaşdylar.
Şol bir wagtda Gazagystanyň prezidenti Gasym Jomart Tokaýew bu ýurduň paýtagty "Nur Soltan"-dan hiç hçan çykmajakdygyny we halk bilen bile boljakdygyny aýtdy.
Gazagystanyň Merkezi banky hem ähli maliýe guramalaryny togtatmak kararyna geldi. Bu ýurtda internet hem kesildi.
Gazagystanda demonstrasiýalar ýekşenbe güni hökümet suwuklandyrylan gazynyň bahasyny 60-dan 120-tenge çenli ýokarlandyrmak kararyna gelenden soň başlandy.