Gazagystandaky tolgunyşyklarda 3000 adam tussag edildi
Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň yglan etmegine görä Gazagystanda soňky bidüzgünçiliklerde 3000-den gowrak adam tussag edildi.
Sputnik-iň habaryna görä Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň bildirişi boýunça howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrantlaryň arasynda bolan çaknyşykda 26 ýaragly adam ölüpdir.
Bu bir ýagdaýdadyr welin “Roýter” habar gullugy Gazagystanyň polisiýasynyň we Milli gwardiýanyň 19 agzasynyň öldürilendigini we 748 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Gazagystanyň ýaşaýjylary hökümetiň kararyna nägilelik bildirip, suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagyndan bir gün soň, 2-nji ýanwarda köçelere çykdylar.
Gazagystanyň prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bu kararyndan yza çekilen bolsada protestler has zorluk bilen dowam etdi.
Gazagystanyň prezidenti Kasym Jomart Tokaýew Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndan kömek sorany soň birnäçe rus goşuny Gazagystana girdi.