Günbataryň Owganystanda açlyk döretmek üçin alyp barýan syýasatlaryna tankyt bildirildi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15722-günbataryň_owganystanda_açlyk_döretmek_üçin_alyp_barýan_syýasatlaryna_tankyt_bildirildi
Halkara Halas Ediş komitetiniň ýerine ýetirji bölüminiň başlygy, Günbatary Owganystanda açlyk döretmek syýasaty ýola bermeklikde aýyplady.
(last modified 2022-02-21T08:22:35+00:00 )
Feb 21, 2022 13:22 Asia/Ashgabat
  • Günbataryň Owganystanda açlyk döretmek üçin alyp barýan syýasatlaryna tankyt bildirildi

Halkara Halas Ediş komitetiniň ýerine ýetirji bölüminiň başlygy, Günbatary Owganystanda açlyk döretmek syýasaty ýola bermeklikde aýyplady.

Owganystanyň düýp gurluşyklary bu ýurtdaky ençeme ýyllyp dowam eden eçeriki uruşlar sebäpli hem-de daşary ýurtlaryň esasanhem Amerikaly güýçleriň 20 ýyllyk bu ýurda dolmaklary sebäpli dargandyrlar.2021-nji ýylyň 15-nji Awgostynda Owganystanda Talyban topary gudrat başyna geçeni soň dörän syýasy özgerişler hem bu ýurdy dartgynlylyklar bilen ýüzbe ýüz edendir.

Amerikalylar Owganystanda Talyban häkemiýet başyna geçmeginden basym soňra bu ýurduň baýlyklaryny bloke edip täzelikde hem onuň bir bölegini eýeläändirler. umuman Günbatar ýurtlaryň kontrolynda bolýan halkara guramalar hem Owganystana iberilýän ynsan perwer kömekleri bu ýurduň ilatyna gowşurmakdan saklanandyrlar.

Bu hil işler Owgan halkyny köp kynçylyklar bilen ýüzbe ýüz edendir. Krona keseliň ýaýrap duran mahaly Günbataryň Owganystana garşy sanksiýalary we açlyk bermegi durmuşda bu ýurduň halkyna esasanhem çagalaryna çynlakay howplary döredip durandyr.

Halkara Halas Ediş komitetiniň ýerine ýetirji bölüminiň başlygy we Britaniýanyň öňki daşary işler ministri Deýwid Miliband Günbatar ýurtlaryň Owganystana garşy syýasatlaryny tankytlady.

Ol şeýle-de Günbatar ýurtlary Owganystana garşy açlyk syýasaty ýöretmek bilen bu ýurda güýçli zyýanlary ýetirendirler diýip sözlerine goşdy.