Putin: NATO-nyň gündogara ýaýramagy Orsýet üçin hakyky howpdyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15756-putin_nato_nyň_gündogara_ýaýramagy_orsýet_üçin_hakyky_howpdyr
Orsýetiň prezidenti Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) gündogara ýaýramagyny we hereketleriniň köpelmegini Orsýet üçin çynlakay howp diýip atlandyrdy.
(last modified 2022-02-23T06:17:17+00:00 )
Feb 23, 2022 11:17 Asia/Ashgabat
  • Putin: NATO-nyň gündogara ýaýramagy Orsýet üçin hakyky howpdyr

Orsýetiň prezidenti Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) gündogara ýaýramagyny we hereketleriniň köpelmegini Orsýet üçin çynlakay howp diýip atlandyrdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin çarşenbe güni Orsýetde her ýyl 23-nji fewralda geçirilýän Watan Goragçylary mynasybetli ýüzlenip, rus halkyny bu gün bilen gutlap: Häzirki wagtda ýurduň goranyş mümkinçiliklerini üpjün etmek Orsýetiň hökümetiniň iň möhüm meselesidir diýdi.

Putin sözüniň dowamynda Orsýetiň ýaragly Güýçleriniň ýurduň milli howpsuzlygynyň we rus halkynyň asudalygynyň we parahatçylygynyň, yzygiderli ösüşiniň ygtybarly kepilidigini nygtady.

Orsýetiň prezidenti sargydyny dowam etdirip NATO-nyň gündogara giňelmeginiň we bu ýurduň serhetlerine ýakyn sebitlerde hereketiniň hakyky howp salýandygyny bellemek bilen bu ýagdaýda Orsýet goşunyny iň ösen ýaraglar bilen enjamlaşdyrýar we harby ýaraglarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga synanyşýar diýdi.

Şeýle hem Putin, Orsýetiň iň çylşyrymly meselelere diplomatik çözgüt tapmak üçin göni we dogruçyl gepleşiklere taýýardygyny aýtmak bilen Orsýetiň bähbitleri we raýatlarymyzyň howpsuzlygy birinji orunda durýar diýip beýan etdi.