Seýed Hasan Nasrollah: Ukrainada bolup geçen wakalara ABŞ jogapkärdir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15828-seýed_hasan_nasrollah_ukrainada_bolup_geçen_wakalara_abŞ_jogapkärdir
Liwanyň "Hizbollah" guramasynyň baş sekretary Beýrutda Seýid Abbas al-Musawiniň şehit bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen konferensiýasynyň açylyşynda beren gürrüňlerinde: Ukrainadaky wakalara ABŞ jogapkärdir diýdi.
(last modified 2022-03-01T10:25:08+00:00 )
Mar 01, 2022 15:25 Asia/Ashgabat
  • Seýed Hasan Nasrollah: Ukrainada bolup geçen wakalara ABŞ jogapkärdir

Liwanyň "Hizbollah" guramasynyň baş sekretary Beýrutda Seýid Abbas al-Musawiniň şehit bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen konferensiýasynyň açylyşynda beren gürrüňlerinde: Ukrainadaky wakalara ABŞ jogapkärdir diýdi.

Şu gün, sişenbe güni, Beýrutda "biziň Seýed Al-şohadamyz; Pikir we enteşe " atly konferensiýanyň açylyş dabarasynda çykyş eden Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrollah Asylly pikirli, uly pidakärçilikleri we çydam söweşijileriniň hereketiniň şöhratly hakykatyny resminamalaşdyrmak biziň borjumyzdyr we bu konferensiýanyň işi bilen baglanyşykly çykyşlar we çekişmeler tassyklanan kitaplara we resminamalara öwrülmelidir diýdi.

Hizbullanyň baş sekretary Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky häzirki konflikt barada durup geçip: Ruslaryň Ukraina çozmagy bilen käbirleri muny makullady, käbirleri muny ýazgardy, käbirleri hem bitaraplygy yglan etdiler diýdi.

Hizbollahyň baş sekretary şeýle-de, häzirki wagtda Ukrainada bolup geçýän wakalara ABŞ-nyň jogapkärdigini, sebäbi bu konflikti güýçlendirip, diplomatik çözgüt tapmaga we urşy togtatmaga kömek etmedi, eýsem, gaýtadan başlamak üçin has köp basyş etdi diýdi.

Nasrollah şu gün Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň häzirki Russiýa-Ukraina konflikti barada beren gürrüňlerni tassyklap Amerika häzirki senariýa üçin hemme zady etdi we ýagdaýy çylşyrymlaşdyrmak üçin şertleri döretdi .Bu gün bolup geçen zat, Amerika ynanýanlar üçin sapakdyr diýip sözlerine goşdy.