ÝB Russiýa Goýlan Ykdysady Sanksiýanyň Göwrüminiň Gineldilder
ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrell Russiýa goýlan ykdysady sanksiýanyň göwrüminiň giňeldiljekdigini beýan etdi.
ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri düýn ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň, Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trussuň, Kanadanyn Daşary işler ministri Melani Joliniň ýany bilen NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergin gatnaşmagynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde maslahat geçirdiler.
Maslahata Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba wideo ulgam arkaly gatnaşdy.
Maslahatdan soň beýannama beren Borrell ABŞ-nyň we ÝB-ne agza ýurtlaryň Russiýa garşy bilelikde häzirki wagta çenli kabul edilen iň giň gerimli sanksiýa bukjasyny iş ýüzüne geçirýändigini gürrüň berdi.
Bu tapgyrda Russiýa garşy sanksiýalaryň doly berjaý edilýändigini anyklamagyň möhümdigine ünsi çeken Borrell, ministrleriň golaýda nähili goşmaça sanksiýalaryň goýulyp bilinjekdigi hakynda pikir alyşandyklaryna ünsi çekip; “
“SWİFT-den” çykaryljak rus banklarynyň sanyny artdyryp bileris, emma bu barasynda heniz karara gelmedik” diýdi.
Tehniki organlardan rus banklary hakynda giňişleýin maglumat toplamaklaryny isländigini beýan eden Borrell; “Göreliň hany. Banklaryň sanyny artdyryp bileris, maliýe sanksiýalary çuňlaşdyryp bileris” diýdi.
Borrell ozal kabul edilen sanksiýa kararlarynyň netijeleriniň seljerilmelidigini beýan edip, şu gün Russiýa daşary ýurtlulara tölemeli 29 milliard dollarlyk prosent tölegini töläp bilmändigini nygtady.
Onuň Russiýanyň Merkezi bankynyň ätiýaçlaryny saklamak hakyndaky kararyň netijesidigini aýdan Borrell; Hawa, sanksiýalar giňeldiler. Emma heniz bu barada karar kabul etmedik” diýdi.
Energetika pudagynda ýaşyk öwrülşigiň depginini güýçlendirmegin Russiýa bolan garaşlylygy azaltjakdygyny gürrüň beren Borrell; Tebigy gaz boýunça gysga möhletde karar kabul edilmegine garaşmaň. ÝB gazyň 40 göterimini Russiýadan import edýär. Rus gazyny almagy bir gijede bes edip bilmeris” diýdi.
1 hepdede 1 milliondan gowrak ukrainalynyň ÝB-ne agza ýurtlara barandygyny aýdan Borrell; “Gelýänleriň sany hasam artar” diýdi.
Russiýanyň gumanitar geçelgäniň açylmagyna rugsat bermegini islän Borrell, syýasy şertler hakynda bolsa; “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin biziň agzymyzy alartmak isledi. Emma onuň hötdesinden gelip bilmedi. Biz häzirki wagtda hemişekiden has ygararly we agzybir. Russiýanyň hüjüminden öň beýle jebis däldik we Russia halkara jemgyýetçiliginde doly ýalňyz galdy” diýdi.