Russiýa: ABŞ we Ukraina biologiki ýarag gurmak isleýärdiler
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary NATO agzalaryny Ukrainadaky krizisde günäkärledi we Ukrainanyň ABŞ-nyň goldawy bilen biologiki ýarag öndürýändigini aýtdy.
Rus goşuny öň Pentagonyň Goranmak howpuny azaltmak guramasynyň Ukrainadaky 30-dan gowrak biologiki barlaghananyň işine gatnaşýandygyny aýdypdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zakarowa çarşenbe güni metbugat ýygnagynda Ukrainanyň biologiki ýarag böleklerini gurmak üçin serhet ýakasynda biologiki barlaghanalarynyň bardygyny aýtdy.
Zakarowa Russiýanyň Ukraina çozmagynyň gündogar respublikalary goramak, Ukrainanyň Russiýa garşy abanýan harby howpuny ýok etmek we ýaragsyzlandyrmak maksatlydygyny we Moskwanyň günbatar goňşusyny basyp almak we Kiýew hökümetini agdarmak islemeýändigini aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Ukrainanyň ýadro elektrik stansiýalarynyň kadaly işleýändigini we olara zeper ýetmändigini aýtdy.
Soňky aýlarda Russiýanyň hökümeti Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Gündogar Ýewropada giňelmegi barada duýduryş berip, ABŞ we NATO-a howpsuzlyk kepilliklerini hödürledi, ýöne bu teklipler ret edildi.
Ukrainanyň NATO-a goşulmak we Günbatardan millionlarça dollarlyk kömegi almak baradaky birnäçe gezek haýyşlary bilen zamandaş, Russiýanyň Ukraina garşy harby hüjümi 24-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň buýrugy bilen başlandy.