Wenesuela: Biz Moskwanyň hakyky ýaranlary
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15992-wenesuela_biz_moskwanyň_hakyky_ýaranlary
Wenesuelanyň daşary işler ministri Wladimir Putiniň Ukrainadaky kararyna we hereketlerine goldaw berip, Biz Russiýanyň hakyky ýaranlary diýdi.
(last modified 2022-03-13T08:02:30+00:00 )
Mar 13, 2022 13:02 Asia/Ashgabat
  • Wenesuela: Biz Moskwanyň hakyky ýaranlary

Wenesuelanyň daşary işler ministri Wladimir Putiniň Ukrainadaky kararyna we hereketlerine goldaw berip, Biz Russiýanyň hakyky ýaranlary diýdi.

Bu bir ýagdaýdadyr welin Ak tam Russiýany Günorta Amerikadaky iň möhüm ýarany bolan Wenesueladan uzaklaşdyrmaga synanyşýar.

"Russia Today" -iň habaryna görä, Wenesuelanyň Daşary işler ministri Feliks Plasensiýa Gonzalez şenbe güni Antalýa mejlisiniň çäginde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Karakasda halkara jemgyýetçiliginiň agzasy hökmünde hormatlanýan döwlet baştutany hökmünde agzady.

Gonzalez sözüniň dowamynda biz Putini öz halky üçin elinden gelenini edýän prezident tanaýarys diýip yglan  etdi.

Mart aýynyň başynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro: Biz Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerini goldaýarys we ABŞ-nyň we NATO-nyň durnuksyzlaşdyryjy işlerini ýazgarýarys diýip yglan edipdi.