Imran Han: Musulmanlar yslam gymmatlyklaryny goramak üçin bitewi front döretmelidirler
Pakistanyň premýer-ministri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mümkinçiliklerinden Yslamofobiýa hadysasy bilen köpçülikleýin garşylaşmagy güýçlendirmek üçin we Sebitleýin we halkara kynçylyklary çözmekde rol oýnamak üçin peýdalanmagy nygtamak bilen Palestini goramak we yslam gymmatlyklaryny goramak üçin bitewi front döretmek ýaly umumy ideallara ymtylmaga çagyrdy.
Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň Daşary işler ministrleriniň 48-nji iki günlük ýygnagy şu gün (sişenbe) Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň Yslamabatdaky Milli mejlisde Eýranyň wekilleriniň gatnaşmagynda eden çykyşy bilen başlandy.
Sişenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, "Imran Han" sişenbe güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Yslamabatdaky Pakistanyň Milli mejlisinde kyrk sekizinji ýygnagynyň açylyş mejlisinde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 15-nji martda Yslamofobiýa garşy halkara güni hökmünde kesgitlenen kararyň kabul edilmegini garşy aldy.
Päkistanyň premýer-ministri Günbatar dünýäsiniň musulman halklaryna bolan kemsidiji garaýşyny we yslam mukaddesligini kemsitmek üçin kanunlaryň we kadalaryň hyýanatçylykly ulanylmagyny tankytlamak bilen Yslamofobiýa hadysasy hakykatdyr we bu meseläni çözülmelidir diýdi.
Imran Han, Palestina we Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitiniň konfliktini çözmek üçin Yslam dünýäsiniň güýçli agzybirligini we basyp alyşlyga garşy çynlakaý ädimlerini talap edýändir diýdi.
Päkistanyň premýer-ministri Owganystanda durnuklylygyň bolmagyny we 40 ýyllyk urşuň netijelerinden bu ýurduň halkyny halas etmek üçin kömek edilmelidigini nygtap Owganystandaky durnuklylyk we bu goňşy ýurtda güýçli hökümet halkara terrorçylygynyň öňüni almagyň ýeke-täk usuly boljakdyr diýip beýan etdi.
Imran Han halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip: Owganystanyň halkyna kömek etmek we gumanitar we durmuş krizisiniň möwjemeginiň öňüni almak üçin bu ýurduň täze hökümdarlary bilen düşünişmeli we olar bilen özara gatnaşykda bolmaly diýdi.