BMG-nyň Baş sekretary Ukrainadaky urşuň bes edilmegini isledi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i16088-bmg_nyň_baş_sekretary_ukrainadaky_urşuň_bes_edilmegini_isledi
BMG-nyň Baş sekretary, adamzadyň ejir çekmegine sebäp bolan Ukrainadaky "esassyz" söweşiň bes edilmegini talap etdi.
(last modified 2022-03-22T13:18:44+00:00 )
Mar 22, 2022 18:18 Asia/Ashgabat
  • BMG-nyň Baş sekretary Ukrainadaky urşuň bes edilmegini isledi

BMG-nyň Baş sekretary, adamzadyň ejir çekmegine sebäp bolan Ukrainadaky "esassyz" söweşiň bes edilmegini talap etdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Antonio Guterreş ýerli wagt bilen sişenbe güni habarçylaryň ýygnagynda Ukrainadaky söweşiň "ýeňijisiniň" ýokdygyny aýtmak bilen ähli taraplary çynlakaý gepleşik geçirmäge çagyrdy.

BMG-nyň Baş sekretary sözüniň dowamynda dürli aktýorlar bilen gatnaşygymda birnäçe dürli meselede diplomatik ösüşiň elementleri göze ilýär diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary urşuň çalt gutarmajakdygyny duýdurdy. Ol şeýle-de Mariupol ýykylsa-da, siz Ukrainany öýme-öý, köçeden köçä we şäherden-şähere basyp alyp bilmersiňiz diýdi.

Guterres sözüni dowam etdirip, duşmançylygyň soňlanmagy we çynlakaý gepleşikleriň başlanmagy üçin giň ýerlikleriň bardygyny aýtdy. Ol şeýle-de bu urşuň ýeňijisiniň ýokdugyna we hemme taraplar onda ýeňilendigine düşüner ýaly näçe ukrain we rus raýaty öldürilmeli diýip sözlerine goşdy.