Jonson Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i16476-jonson_bilen_zelenskiý_telefon_arkaly_söhbetdeşlik_geçirdi
Jonson, Zelenskýa Britaniýanyň geçen hepde Russiýa goýan täze sanksiýalary hakynda maglumat berdi
(last modified 2022-04-17T23:14:58+00:00 )
Apr 18, 2022 04:14 Asia/Ashgabat
  • Jonson Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Jonson, Zelenskýa Britaniýanyň geçen hepde Russiýa goýan täze sanksiýalary hakynda maglumat berdi


Jonson, Zelenskýa Britaniýanyň geçen hepde Russiýa goýan täze sanksiýalary hakynda maglumat berdi
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Britaniýa tarapyndan berlen beýannamada, Zelenskiýniň telefon söhbetdeşliginde Mariupolda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda Jonsona maglumat berendigi nygtaldy.

Beýannamada, “İki lider Ukrainanyň howpsyzlygy hakynda pikir alyşdy. Premýer-ministr Jonson, Ukrainanyň özygtyýarlygyny gorap saklamagy üçin Britaniýanyň hyzmatdaşlary bilen ýakyndan işleşmäge dowam etjekdigini nygtady” diýdi.

Beýannamada, Jonsonyň, Zelenskýa Britaniýanyň geçen hepde Russiýa goýan täze sanksiýalary hakynda maglumat berendigi ýatladyldy.

Jonson, Britaniýanyň öňümizdäki günlerde sowutly ulaglar bilen birlikde özüni goramagy üçin Ukraina harby enjam kömegini berjekdigini belledi.

Beýannamada, Jonsonyň, Ukraina berilýän halkara goldawyň güýçlenmek bilen dowam etjekdigini we Ukrainanyň üstünlik gazanjakdygyna ynanýandygyna ünsi çekendigi bellenildi.
ABŞ-nyň CNN telewideniýesiniň ABŞ-nyň 2 aýry resmisine esaslanyp beren habarynda, Russiýanyň bu hepde ABŞ-nyň Ukrainanyň goşunyna berýän ýarag kömegini resmi ýagdaýda protest edendigi we Daşary işler ministrligine şol goldawyň dowam eden halatynda garaşylmadyk netijeleriň başdan geçirilip bilinjekdigi barada diplomatik nota ugradandygy öňe sürüldi.

"Demarş" hökmünde häsýetlendirilýän notanyň, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ukrainanyň goşunyna düzüminde dikuçarlar, radar ulgamlary, toplar we uçarmansyz howa ulaglary bolan jemi 800 million dollarlyk kömek bukjasyny aýan etmeginden soň berilmegi ünsleri özüne çekdi.

Russiýanyň protestlerine garamazdan ABŞ-nyň Ukraina berýän ýarag goldawynyň azaldylmajakdygy beýan edildi.

Pentagon Ukrainanyň söweşe dowam etmegi üçin zerur bolan ulgamlaryň we ýaraglaryň görnüşleriniň önümçiligini nähili artdyrjakdygyny maslahatlaşmak üçin bu hepde goranyş kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçiripdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.