Russiýanyň Eýrandaky ilçihanasy: Eýrandan Russiýa ýarag iberilmegi baradaky habar ýalandyr
Russiýanyň Tährandaky ilçihanasy Eýranyň ýaraglarynyň Russiýa iberilmegi baradaky neşirleri galp diýip atlandyrdy.
Golaýda Londonda ýerleşýän “Guardian” gazetiniň hasabatynda Yrakdan tanklara garşy raketalary we Bawar-373 goranyş ulgamyny Ukraina söweşinde ulanmak üçin Eýrandan Russiýa iberendigi toslandy.
Bu hasabat çap edilenden soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Angliýadaky ilçihanasy bu aýyplamalary ret etdi we olary hünärsiz we esassyz diýip atlandyrdy.
Eýranyň Angliýadaky ilçihanasy Twitterde şeýle diýdi: Guardian gazetiniň hasabatynda "Russiýanyň Eýrandan Yraga bikanun getirilen ýaraglary Ukraina garşy ulanmagy" sözbaşysy hakykata laýyk däl we esassyz hekaýadyr we Ukrainadaky soňky wakalar bilen Günbatar Aziýa sebitinde bolup geçýän wakalar bilen Eýranyň adyny agzamak arasynda baglanyşyk gurmaga synanyşmak hünärsiz we kabul ederliksiz ädimdir şeýle hem bu gazetiň okyjylaryna bir hili hormatsyzlykdyr.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Tährandaky ilçihanasy ýekşenbe güni bir beýannama boýunça käbir habar beriş serişdelerinde Eýranyň ýaraglarynyň Russiýa iberilmegi baradaky maglumatlar galp we hakykata laýyk gelmeýär diýip yglan etdi.