“Elad” operasiýasy we sionist režimiň ejizligi
(last modified Fri, 06 May 2022 16:15:21 GMT )
May 06, 2022 21:15 Asia/Ashgabat
  • “Elad” operasiýasy we sionist režimiň ejizligi

Tel Awiwiň golaýyndaky “Elad” operasiýasy, Sionistleriň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygyny ýasa öwürmekden aýry , bu režimiň howpsuzlygynyň gowşakdygyny görkezdi.

 

Soňky 45 günde bäşinji palestinalyň şehitlik operasiýasy penşenbe güni agşam Tel Awiwiň golaýyndaky “Elad” sebitinde geçirildi. Bu operasiýada azyndan üç sionist öldürildi, başga-da alty adam ýaralandy. Bu amalyň guraly hem sowuk ýaragdy  Bu operasiýany eden ýa-da   edenler hem gaçdylar we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri şu wagta çenli tussag olary edip bilmedi.

Bu operasiýa, sionistleriň penşenbe güni irden Al-Aksa metjidinde eden jenaýatyna haýal etmän palestinalylaryň beren jogaby boldy. Düýn irden sionist basypalýjylar Ysraýyl güýçleriniň goldawy bilen Palestinany   basyp almak gününiň 74 ýyllygy bahanasy bilen Al-Aksa metjidine hüjüm edip, birnäçe palestinalyny ýaralady. Basyp alýjy sionist güýçler palestinalylara taýak we göz ýaşardyjy gaz bilen hüjüm etdiler we olara plastik ok atdylar. Sionist polisiýa penşenbe güni Al-Aksa metjidinde basyp alýjy ýewreýleriň köpçülikleýin hüjümini resmi taýdan goldady. Bu jenaýatdan soň Hamas we Yslam Jihad ýaly palestinaly toparlar   sionistleriň Al-Aksa metjidine eden hüjüminiň netijeleri barada duýduryş berdiler.

Ozal Palestina hereketleri Al-Aksa metjidiniň palestinalylar üçin gyzyl çyzykdygyny duýdurypdylar. Şeýlelik bilen, “Elad” operasiýasy, Sionistleriň Al-Aksa metjidinde palestinalylara garşy eden jenaýatyna reaksiýa boldy. Şunuň bilen baglylykda Hamas hereketi, palestina halkynyň mukaddes ýerlerini basyp almagyna we Al-Aksa metjidine edilen bihormatçylygyna“Elad” operasiýasynyň Ysraýyla gaýtawuldygyny yglan edipdi.   

Ýene bir mesele, “Elad” operasiýasy, sionistleriň howpsuzlygyny goramakda ukypsyzdyklaryny ýene bir gezek görkezdi. Iki aýyň içinde şehitlik operasiýalary netijesinde basyp alynan ýerlerde 18 adam öldi. Liwan Hizbullahynyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrullah Al-Kuds gününde eden çykyşynda aýry-aýry amallary Palestina garşylygynda aýratyn täze ösüş hökmünde häsiýetlendirdi.  

Emma sionistler ,Palestinalaryň ar alyşly amallaryna jogap bermek üçin Palestina resmileriň terror edilmegini iş buýrugynda goýan aýaly görünýär.

Şübhesiz, Palestina häkimiýetleriniň terror edilmegi sionistleriň   howpsuzlyk ýagdaýyny has gowşadar, sebäbi palestinalylar bu režimiň jenaýatlarynyň köpelmegi bilen has çynlakaý boljakdygyny subut etdiler.