Hindistanyň Kaşmir baradaky täze pozisiýasyna Pakistanyň reaksiýasy
Pakistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti Hindistanyň Kaşmir bu ýurduň üzülmez bölegidir diýen sözlerine reaksiýa görkezip "Jammu we Kaşmir hiç haçan Hindistanyň bir bölegi bolan däldir we Hindistanyň oňa hukugy ýokdyr diýdi."
Jedelli Kaşmir sebiti, 1947-nji ýylda Hindistan bilen Päkistanyň garaşsyzlyk alanyndan bäri iki ýurduň arasynda bölünýär. Iki ýurt hem sebitiň doly özygtyýarlylygyny talap edýär. Soňky üç onýyllygyň dowamynda sebitdäki ýaragly toparlar hindi goşunlary bilen söweşip, Kaşmiriň garaşsyzlygyny ýa-da Pakistan bilen birleşmegini talap edýär, ýöne hindi hökümeti onuň durmuşa geçirilmegine garşydyr.
Yslamabadyň “Express News” habar gullugynyň habaryna görä, Pakistanyň wekilhanasy hindi resmileriniň Kaşmiriň aýrylmazdygy baradaky sözlerini ret etmek bilen "BMG-nyň kararyna görä, Kaşmir jedelli sebitdir we ykbaly Kaşmir halkynyň jogapkärçiligindedir diýdi.
Hasabata görä, hindi hökümeti BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň onlarça ýyl bäri Kaşmir baradaky kararyny aç-açan bozup, geografiki üýtgeşmeler girizip, Kaşmiriň musulman ilatyny hindilerden has az etmäge synanyşýar. "
Pakistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti Hindistanyň Pakistana garşy terrorçylyk baradaky ýalan aýyplamalaryny Kaşmirdäki döwlet terrorçylygyny ýapmak synanyşygy diýip atlandyrdy we "Kaşmiriň ilaty öz ykballaryny belli etmek hukugyny kesgitlemek üçin haýsydyr bir şertnamany kabul etmezler diýip sözlerine goşdy.
2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Hindistan hökümeti Kaşmir sebitiniň aýratyn ygtyýarlyklaryny (özbaşdaklygyny) ýatyrdy, bu bolsa Kaşmirli raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini kynlaşdyrdy we hindileriň sebite göçüp gitmegine we Kaşmir ýerlerini satyn almagyna ýol açdy. şondan bäri bu sebit yzygiderli birnäçe aýlap karantin, harby kanun we internete we jübi telefonlaryna elýeterliligiň kesilmegine şaýatdyr.