Täjigistanda ýüzlerçe metjit ýapyldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i1705-täjigistanda_ýüzlerçe_metjit_ýapyldy
Täjigistanyň din işleri boýunça döwlet komitetiniň jogapkäri bu ýurtda 2 müňe golaý metjidiň ýapylanlygyny habar berdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Feb 06, 2018 19:53 Asia/Ashgabat
  • Täjigistanda ýüzlerçe metjit ýapyldy

Täjigistanyň din işleri boýunça döwlet komitetiniň jogapkäri bu ýurtda 2 müňe golaý metjidiň ýapylanlygyny habar berdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Täjigistanyň din işleri boýunça döwlet komitetiniň jogapkäri Sulaýman Döwletzada bu mesjitleriň bir topary döwlet guramalarynyň tutmy esasynda ýoksul maşgalalaryň ýaşamaklary üçin olara gowşurylandyr we başga bir topary hem medeni we önüm bölümleri adynda peýdalanyljakdyr.

Täjigistanyň din işleri boýunça döwlet komitetiniň jogapkäri Sulaýman Döwletzada şeýle-de bu ýurtda mesjetleriň hatyplaryndan 35-synyň işlerinden boşadylandyklaryny habar berdi.bu hatyplar ýaňky komitetiň tarapyndan gurulan synaglarda üstünlik gazanyp başaran däldirler.

Täjigistan döwleti soňky ýyllarda din merkezlerini ekstremistik pikirleri ýaýratmak bahanasy bilen ýüzlerçe metjidi ýapyp din alymlarynyň bir toparyny tutandyr.