Ýaponiýa Ukraina kömek berer
Ýaponiýanyň hökümedi Russiýanyň hüjümleriniň dowam edýän ýeri bolan Ukraina 1,7 million dollar möçberinde gyssagly kömek bukjasynyň beriljekdigini habar berdi
Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumionyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň, Russiýanyň söweş başladan Ukraina döwletine ynsanperwer kömekleriň artdyrylmagy baradaky çagyryşyndan soň, täze kömek bukjasynyň düzümi tassyklandy.
Şol çäkde 1,7 million dollar möçberinde gyssagly ynsanperwer kömek BMG-nyň Taslama hyzmatlary ofisiniň üsti bilen Ukraina ugradylar.
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýasi Ýosimasa ýurdunyň Ukraina goldaw bermek maksady bilen halkara jemgyýet bilen birlikde hereket etmegini dowam etdirjekdigini habar berdi.
Russiýanyň hüjümleriniň başlamagyndan soň, Halkara Migrasiýa guramasy Ukrainanyň içinde häzirki wagta çenli 8 milliondan gowrak adamyň başga ýerlere göçendigini mälim etdi.
Beýleki tarapdan Migrasiýa hyzmatlary agentliginiň berýän habaryna görä Ýaponiýanyň kabul eden ukrainaly raýatlaryň sany 1 müň 55-e ýetdi.
ÝB-ne agza ýurtlar, Russiýa bilen söweşýän Ukraina harby taýdan goldaw bermek üçin 500 million ýewrolyk goşmaça kömegiň berilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.
ÝB Geňeşi tarapyndan berlen beýannamada, ÝB-niň berjek goşmaça kömeginiň, Ukrainanyň harby goşunynyň ýurduň özygtyýarlygynyň we bitewiliginiň goralmagyna, mundan başgada Russiýanyň hüjümlerine garşy asuda ilatyň goralmagyna goldaw berjekdigi nygtaldy.
Soňky kömek bilen birlikde ÝB-niň Ukraina berýän harby kömekleriniň jemi mukdary 2 milliard ýewro ýetdi.
ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel “ÝB we gurama agza ýurtlar söweşiň başyndan bäri Ukraina goldaw berýär we goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
BŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, 20 ýurduň Ukraina täze ýarag kömegini berjekdigini habar berdi.
Lloýd Ostin bilen ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Mark Milleý, 47 ýurduň harby ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirlen Ukraina maslahatyna gatnaşdy.
Ostin bilen Milleý wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen maslahatdan soň metbugata beýannama berdi.
ABŞ-nyň Goranmak ministri Ostin bu maslahata Awstriýanyň, Bosniýa-Gersegowinanyň, Kosowanyň, Kolumbiýanyň we Irlandiýanyň hem gatnaşandygyny aýtdy.
Maslahatda Ukraina beriljek kömek meselesinde kararyň kabul edilendigini aýdan Ostin “Ukraina beriljek goşmaça kömeklere hoşallyk bildirýäris. 20 ýurt Ukraina täze ýarag kömegini berjekdigini mälim etdi. Birnäçe ýurt Ukraina goranyş ulgamlary, tank we sowutly ulaglar ýaly harby enjam kömegini berýär” diýdi.