Albaniýa, Ukraina 1 Million Ýewrolyk Ynsanperwer Kömegini Berer
Şeýlelikde Albaniýa hem 100 günden gowrak wagt bäri Russiýa garşy söweşýän Ukraina ýardam beren ýurtlaryň sanawyna goşular.
Emma,a Albaniýa hem 100 günden gowrak wagt bäri Russiýa garşy söweşýän Ukraina ýardam beren ýurtlaryň sanawyna goşular.
Albaniýa, Russiýa bilen söweşýän Ukraina 1 million ýewrolyk ynsanperwer kömegini berer.
Albaniýanyň hökümeti tarapyndan kabul edilen karara laýyklykda, Albaniýa Respublikasynyň Ministrler kabineti tarapyndan Ukrainanyň hökümetine 1 million ýewrolyk ynsanperwer kömegi berler.
Şeýlelikde Albaniýa hem 100 günden gowrak wagt bäri Russiýa garşy söweşýän Ukraina ýardam beren ýurtlaryň sanawyna goşular.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý maý aýynda Albaniýanyň Mejlisiniň Baş Assambleýasynda geçirlen ýörite oturluşyga wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş edipdi.
Ozal Russiýanyň Ukraina guran hüjümini ýazgaran Albaniýa, ukrain halkyna goldaw berýändigini mälim edipdi.
Şeýlede ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula Fon Der Lýaýen Ukrainany gaýtadan dikeltcekdiklerini, özleriniň oňa borçludyklaryny aýtdy.
Italiýanyň paýtagty Rime sapar bilen baran Lýaýeb, Maxxi Modern sungat merkezindäki çärä gatnaşdy.
ÝB Komissiýasynyň Başlygy ol ýerde sözlän sözünde; “Mariupolyň Häkimi we ukrainaly binagärler bilen duşuşyklar geçireris. Ukrainany gaýtadan dikelderis. Biz oňa borçly we ony ederis. Sebäbi ol biziň ahlak borcumyz” diýdi.
Gaýtadan dikeltmegiň, ilatly ýerlerde Ýewropanyň ýaşyl ylalaşygyna esaslanýan “Täze Ýewropa Bauhaus” ruhuna laýyklykda amala aşyrylmalydygyny nygtan Fon der Lýaýen, ÝB-niň gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleri boýunça ösüş etmelidigini aýtdy.
Fon der Lýaýew: “Rus ykdysadyýeti tebigy gaza, nebite we kömüre esaslanýar. Biz hem olara garaşly. Bu elhen. Söweş sebäpli garaşlylygymyzy azaldarys. İndi degişli çäreler görülmeli, täze üpcün ediciler bilen güýmenmän gaýtadan işlenýän energiýa pudagyna gönükmeli” diýdi.