Latyn Amerikasyndaky türgenleşige Eýran, Russiýa we Hytaý gatnaşýar
Eýran, Russiýa we Hytaý Amerika güýç görkezmek üçin Wenesuelanyň gonakdarlygynda geçiriljek türgenleşigine gatnaşmagy meýilleşdirýärler.
Ýakynda, Eýran tarapyndan gurnalan we "Deňiz howpsuzlygy guşagy 2022" ady bilen Hytaý we Rus deňiz güýçleriniň gatnaşmagynda üçünji bilelikdäki türgenleşik Hindi ummanynyň demirgazyk sebitinde geçirildi.
Bu türgenleşikde ýanýan gämini halas etmek, ogurlanan gämini boşatmak, belli bir nyşana garşy ok atmak, howa nyşanalaryna gije atyş we beýleki taktiki we amaly maşklar ýaly dürli taktiki maşklar geçirildi.
"Waşington Free Beacon" web sahypasynyň habaryna görä, Eýran, Russiýa we Hytaý Latyn Amerikasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna güýç görkezmek üçin "Serhet mergeni" atly türgenleşige gatnaşmagy meýilleşdirýärler.
Bu habara görä, awgust aýynyň başynda geçiriljek bu harby türgenleşigiň Wenesuela ýer eýesi bolup, Eýranyň, Russiýanyň we Hytaýyň harbylary oňa gatnaşmak üçin Latyn Amerikasyna we Karib deňzine gitmegi meýilleşdirýärler.
Bu habar çeşmesine görä, bu harby türgenleşik Latyn Amerikasynda ABŞ-a garşy koalisiýa döredilmeginiň iň aýdyň alamatlaryndan biridir.