Sudanda tire-taýpa çaknyşygy onlarça adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i17872-sudanda_tire_taýpa_çaknyşygy_onlarça_adamyň_ölmegine_we_ýaralanmagyna_sebäp_boldy
Sudan we Efiopiýa serhedinde güýçli çaknyşyk we zorluk 141 adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy.
(last modified 2022-07-17T02:10:48+00:00 )
Jul 17, 2022 07:10 Asia/Ashgabat
  • Sudanda tire-taýpa çaknyşygy onlarça adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy

Sudan we Efiopiýa serhedinde güýçli çaknyşyk we zorluk 141 adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy.

Etnikleriň arasyndaky agzalylyklar we Sudanda ýaragyň köp bolmagy bu ýurtda iki möhüm meseledir.

AFP habar gullugynyň habaryna görä, "Sudanyň mawy derýasy" serhetýaka sebitinde bolup geçen zorlukly çaknyşyklar sebäpli 33 adam ölüp, 108 adam ýaralanyp, onlarça adam başga ýerlere göçürildi.

Bu çaknyşykda 16 dükan hem otlandy.

Birleşen Milletler Guramasy 25-nji noýabrda Darfur sebitiniň 46 obasynda ýangynyň bolandygy we 43 adamyň öldürlendigini habar berdi.

Darfuryň dürli sebitleri wagtal-wagtal arap we Afrika taýpalarynyň arasynda ýer, öri meýdanlary we suw baýlyklary üçin ganly çaknyşyklara şaýat bolýar.