Aug 28, 2022 16:30 Asia/Ashgabat
  • Talyban: Serhet problemalary Owganystanyň öňki hökümeti bilen baglanyşykly

Talyban hökümetiniň ýaragly güýçleriniň baş sekretary Owganystanyň serhet problemalary bu ýurduň öňki hökümeti bilen baglanyşykly we häzirki hökümet bu meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge synanyşýar diýdi.

Talyban Owganystanda gaýtadan häkimiýete geçensoň, bu toparyň güýçleriniň Pakistan, Eýran we Täjigistan ýaly goňşy ýurtlaryň serhet güýçleri bilen yzygiderli çaknyşmagy bu ýurtlaryň nägilelegi bilen ýüz-beýüz boldy. Goňşy ýurtlaryň howpsuzlyk işgärleri serhet çaknyşyklarynyň köpelmeginiň Talyban güýçleriniň tehniki we halkara meseleler bilen tanyşlygynyň ýoklugyndan gelip çykýar diýip hasaplaýarlar.

Owganystanyň Tolo News habarlar ulgamynyň twitter hasabyna görä, owganystanyň talyban hökümetiniň ýaragly güýçleriniň baş sekretary Fasihuddin Fitrat ýekşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda serhetýaka sebitlerde bir topar raketa atyjynyň kesgitlenendigini we tussag edilendigini habar bermek bilen serhetýaka sebitlere raketa zyňmaga jogapkär adamlar anyklandy we tussag edildi diýdi.

Ol: Bu erbet adamlar Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň milli howpsuzlygy döretmäge ukyply däldigini görkezmek isleýär diýdi.

Fasihuddin Fitrat şeýle-de Talybanyň serhet meselelerini we dawalary goňşy ýurtlar bilen gepleşikler arkaly çözmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Tags