BMG Yrakdaky ýagdaý barada duýduryş berdi
(last modified Tue, 30 Aug 2022 08:49:06 GMT )
Aug 30, 2022 13:49 Asia/Ashgabat
  • BMG Yrakdaky ýagdaý barada duýduryş berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň metbugat sekretary Yrakdaky ýagdaý barada duýduryş berdi we dartgynlylygyň ýokarlanmagyny howply diýip atlandyrdy.

Duşenbe güni Sadr hereketine bagly çykyş edenleriň bir topary, Bagdat şäheriň merkezindäki ýaşyl zolagyndaky prezident köşgüne girdiler.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň metbugat sekretary Stefan Dujarric UNAMI-nyň (Yrakdaky Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite gullugy) demonstrantlaryň ýaşyl zonany we hökümet binalaryny terk etmegini isleýändigini aýtmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bagdatdaky ýörite wekiliniň wezipesini ýerine ýetirip durandygyny belläp geçdi.

Duşenbe güni, Moqtada Sadryň Yrakdaky syýasy işinden çekiljekdigini yglan edeninden soň, Sadr tarapdary demonstrantlar Bagdadyň ýaşyl zolagynda prezident köşgüne hüjüm etdiler we birnäçe sagatdan soň howpsuzlyk güýçleri prezident köşgüni ele geçirenden soň, Moqtada Sadryň tarapdarlary Bagdadyň ýaşyl zolagyndan yza çekilip başlandylar.

Mundan ozal Sadr hereketiniň lideri Muqtada Sadryň tarapdarlary parlament binasynyň içinde we töwereginde ýaşyl zonada çäksiz ýygnanyşyk geçirdiler, bu bolsa beýleki syýasy hereketleriň we Yrak resmileriniň soňky hepdelerde çykyş etmegine sebäp boldy we bu ýurduň şertleriniň duýgurlygyny göz öňünde tutup, özlerini saklamak we jedelleri gepleşik arkaly çözmekgi islediler.

Tags