Efiopiýada ýaragly toparlaryň hüjümi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i18596-efiopiýada_ýaragly_toparlaryň_hüjümi
Efiopiýada ýaragly toparlaryň hüjümi onlarça adamyň ölmegine sebäp boldy.
(last modified 2022-09-03T03:16:18+00:00 )
Sep 03, 2022 08:16 Asia/Ashgabat
  • Efiopiýada ýaragly toparlaryň hüjümi

Efiopiýada ýaragly toparlaryň hüjümi onlarça adamyň ölmegine sebäp boldy.

“Roýter” habar gullugynyň habaryna görä, Efiopiýanyň ýerli ýaşaýjylary bu ýurduň Oromiýa sebitinde ýaragly toparlaryň hüjüminde 42 adamyň ölendigini habar berdiler.

Efiopiýa esasan sebitdäki taryhy nägilelikler we syýasy dartgynlylyk sebäpli birnäçe sebitde giň ýaýran etniki dartgynlyga şaýatlyk edýär.

110 milliondan gowrak ilaty bolan Efiopiýada ikinji orunda durýan Amhara halky köplenç Oromiýa ýaly sebitlerde nyşana alynýar.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda başlanan Efiopiýa goşuny bilen Tigraý gozgalaňçylarynyň arasyndaky konflikt, howpsuzlykdan başga-da millionlarça Tigraý ýaşaýjysynyň arassa suw, azyk we esasy zerurlyklara mätäç bolmagyna sebäp boldy.