Angliýanyň şa zenany aradan çykdy
Bukingem köşgi öz beýanynda Iňlis şa aýalynyň 96 ýaşynda aradan çykandygyny habar berdi.
Ýelizaweta 1926-njy ýylyň 21-nji aprelinde doguldy we 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda kakasy korol Jorj VI ölenden soň tagta çykdy. Ikinji jahan urşy döwründe ömrüniň köp bölegini Londondaky partlamalardan gutulmak üçin Şotlandiýanyň Balmoral galasynda we Windsorda ene-atasyndan uzakda geçirdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Iňlis Bukingem köşgi penşenbe güni agşam bu ýurduň şa aýalynyň ölendigini we 73 ýaşly ogly Çarlzyň tagta çykandygyny yglan etdi.
Ýelizaweta tagty 95 ýaşynda ogluna berjekdigini aýdypdy. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda şa häkimliginiň ep-esli bölegini şa maşgalasynyň ýaş agzalaryna tabşyrypdy, emma işinden aýrylmady.