Russiýa: ABŞ we Angliýa Moskwa baradaky talaplaryny subut etsin
https://parstoday.ir/tk/news/world-i18698-russiýa_abŞ_we_angliýa_moskwa_baradaky_talaplaryny_subut_etsin
Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amerika we Angliýa, Moskwanyň Eýrandan we Demirgazyk Koreýadan harby ýarag satyn aljak bolýandyklary barada subutnamalary bermelidirler diýdi.
(last modified 2022-09-09T06:41:22+00:00 )
Sep 09, 2022 11:41 Asia/Ashgabat
  • Russiýa: ABŞ we Angliýa Moskwa baradaky talaplaryny subut etsin

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amerika we Angliýa, Moskwanyň Eýrandan we Demirgazyk Koreýadan harby ýarag satyn aljak bolýandyklary barada subutnamalary bermelidirler diýdi.

Roýter habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia penşenbe güni gije ABŞ-dan we Angliýadan Moskwanyň Ukrainada ulanmak üçin Eýrandan pilotsyz uçarlary we Demirgazyk Koreýadan raketalar we artilleriýa oklary satyn almak isleýändigini tassyklaýan subutnamalary talap etdi.

Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Ukrainany Russiýa bilen alyp barýan söweşinde goldamak bahanasy bilen birnäçe gezek Ukraina harby enjamlary iberdi, bu söweşiň uzaldylyp bilinjekdigi barada rus duýduryşlary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Nebenzia Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan indi bize subutnama bermegini ýa-da ygtybarly bolmadyk maglumat ýaýradýandyklaryny boýun almagy isleýärin diýdi.

ABŞ hökümeti Eýrany Russiýany Ukraina söweşinde ulanmak üçin pilotsyz uçar bilen üpjün etmekde aýyplaýar, Tähran muny ret edýär.

Şeýle hem Waşington Moskwany Demirgazyk Koreýadan millionlarça raketa we artilleriýa satyn almakda aýyplaýar.