Lawrow: Ýewropa Bileleşigi diktator guramadyr
(last modified Sun, 25 Sep 2022 09:31:50 GMT )
Sep 25, 2022 14:31 Asia/Ashgabat
  • Lawrow: Ýewropa Bileleşigi diktator guramadyr

Russiýanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda Europeanewropa Bileleşigini diktator we eziji gurama diýip atlandyrdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Nýu-Yorkorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýörelgeler we esaslar taýdan diktator we eziji gurama öwrülendigini mälim etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň düýp manysy jahyllykdygyny aýtdy.

Şeýle hem Sergeý Lawrow Günbataryň Russiýa bilen gepleşik geçirip bilmeýändigini aýtdy.

Russiýanyň Ukraina hüjümi başlaly bäri (24-nji fewral), Günbatar ýurtlary bu ýurda garşy her dürli basyş we sanksiýalary ulanyp, Moskwany halkara jemgyýetçiliginde izolirlemek üçin ähli tagallalary etdiler. Muňa jogap hökmünde Russiýa bu ýurtlaryň köp sanly resmisine sanksiýa berdi.