Bidüzgünçiligi goldamak üçin Britaniýanyň Eýrana garşy täze sanksiýalary
Oct 10, 2022 19:28 Asia/Ashgabat
Angliýa, Eýran Yslam Respublikasyna garşy sanksiýalarynyň dowamynda, soňky wakalary bahana edip, Eýranyň ahlak howpsuzlygy polisiýasyna sanksiýa berdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Iňlisiň Daşary işler ministrligi duşenbe güni beren beýanatynda Basij Mustafafeen guramasynyň başlygy, Naja goragçylarynyň ýörite bölüminiň serkerdesi we polisiýanyň baş serkerdesi ýaly bäş sany ýokary derejeli Eýranyň howpsuzlyk işgärlerini sanksiýalar listesine girizdi.
Sanksiýalara laýyklykda bu adamlar Angliýa syýahat edip bilmezler we ýurtda saklanýan ýa-da Iňlis halky tarapyndan saklanýan islendik emläkleri doňdurylar.
Tags