Italiýa tarapyndan Eýrandaky terrorçylykly hüjümi ýazgaryldy
Italiýanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Şahçerag ybadathanasyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Italiýanyň Daşary işler ministrligi twit çap edip, DAEŞ terrorçy toparynyň Şiraz şäherindäki mukaddes ybadathanasy bolan Hezreti Ahmed bin Musa (AS) ýa-da şol Şahçeraga hüjümini ýazgardy.
Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň twitinde gurban bolanlaryň we ýaralananlaryň maşgalalaryna duýgudaşlyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetine gynanç bildirýär; şeýle-de dini ýerleri nyşana alýan hüjümler aýylganç we kabul ederliksiz diýip getirilýär.
Ispaniýanyň hökümeti hem Hezreti Ahmed bin Musanyň (AS) ybadathanasyna edilen terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.
Ispaniýanyň Daşary işler ministrligi anna güni beren sargydynda bu ýurduň hökümetiniň pidalara we olaryň maşgalalaryna tüýs ýürekden gynanç bildirip, ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýändigini aýtdy.
Bu sargytda şeýle-de Ispaniýa terrorçylyga garşy göreşde Eýran bilen doly raýdaşlygyny nygtaýar diýip yglan bolýar.
26-njy oktýabrda Eýranyň günortasyndaky Fars welaýatynyň merkezi Şiraz şäherinde Şahçeraga garşy DAEŞ toparynyň terrorçylykly ýaragly hüjüminde ikisi çaga bolan 15 adam şehit boldy we 27 zyýaratçy ýaralandy.
Bu terrorçylykly wakadan soň Birleşen Milletler Guramasy we Türkiýe, Hytaý, Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan, Siriýa, Oman we Päkistan ýaly ýurtlar muny ýazgaryp, Eýranyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirdiler.